Wikipediýa, ulanyjylary tarapyndan bilelikde birnäçe dilde taýýarlanan, erkin, garaşsyz, tölegsiz, mahabatsyz, girdeji üçin peýdalanylmaýan internet ensiklopediýasydyr. MediaWiki taslamasy ulanylyp taýýarlanyldy. Wikipediýa-nyň makalalary her wagtda üýtgedilip, täze maglumatlar goşulýanlygy sebäpli, Wikipediýa hiç wagt tamamlanmaýar.

Wikipediýa
Industriýa Ensiklopediýa
Görnüş Internet ensiklopediýasy
Döredilen ýyly 15 Ýanwar 2001
Esaslanyryjylar Jimmy Wales, Larry Sanger
Hyzmat ediş göwrüm
Bütindünýä
Website wikipedia.org Edit this on Wikidata

Esaslandyryjylardan Jimmi Ueýls Wikipediýa-ny, "Dünýädäki her bir adama öz dilinde, iň ýokary hilde, tölegsiz ensiklopediýa döretmek we ýaýmak" diýip kesgitleýär.[1]

Wikipediýa sözi, wiki we pedi sözlerinden emele gelýär. "Wiki", Gawai dilindäki "wiki wiki" (tiz we maglumat maksatly) sözünden gelýär.[2] "Pedi" bolsa, Gadymy Gresiýa Medeniýetinde "köptaraply medeni bilim ulgamy" manysyna gelýän paideia sözünden gelýär.[3]

Aýratyn gözläň düzet

Salgylanmalar düzet

  1. https://lists.wikimedia.org/pipermail/wikipedia-l/2005-March/020469.html
  2. Kaplan Andreas, Haenlein Michael (2014) Collaborative projects (social media application): About Wikipedia, the free encyclopedia. Business Horizons, Volume 57 Issue 5, pp.617-626
  3. "paideia." Oxford Dictionary of English 2e, Oxford University Press, 2003.

Daşarky çykgytlar düzet